Habarlar

Mukaddes Garaşsyzlygyň şanyna nebitgaz toplumynyň aýdymçylarynyň baýramçylyk konserti

https://ussatnews.com/storage/posts/5986/original-164fd461429c1f.jpeg

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Nebit-gazly Watanymda ýaňlanýar Garaşsyzlyk, bagtyýarlyk mukamy» atly döredijilik çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine nebitgaz toplumynyň belli aýdymçylary we döredijilik topary gatnaşdylar.

Konserte garaşsyzlyk baýramyny täze üstünliklerdir zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň millionlarçasy ýaly nebitgaz toplumynyň işgärleri çagyryldy.

Baýramçylyk dabarasyny belli şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa açdy. Ol ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlap, garaşsyz Diýarymyza, şeýle hem nebitgaz pudagynyň işgärleriniň asylly zähmetine bagyşlap ýazan goşgularyny okap bermek bilen olara şygryýet sowgadyny peşgeş etdi.

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň öňünde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda garaşsyz bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat barada durup geçdi. Şonda ol Berkarar döwletiň täze galkynyşy eýýamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere ýurdumyzyň nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň goşandyny aýratyn belledi.

Soňra konsert maksatnamasyny açan, uly joşgun bilen ýerine ýetirilen “Eziz watan” atly watançylyk aýdymy zalyň içine ýaň saldy.

Konsert aýdymçylaryň – Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwran Nurýagdyýewiň, Aly Alyýewiň, Şöhrat Saparowiň çykyşlary bilen dowam etdi, olaryň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, onuň ajaýyplygyny we berkararlygyny, täze Arkadag şäherini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Zehinli artistler – Jumamyrat Gylyjow, Gözel Annamuhammedowa, Gülşirin Öwezmämmedowa, Guwanç Saparow, Göwher Hajymyradowa, Mekan Rejebow tomaşaçylara garaşsyz Watanymyz baradaky aýdymlaryny sowgat etdiler.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň “Galkynyş” döredijilik toparynyň aýdymçylary döwlet Baştutanymyza alyp barýan parahatçylyk we ählumumy ösüş syýasaty üçin çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde «Arkadagly serdarymyz» atly aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk maksatnamasynyň ahyrynda «Jan watanym Türkmenistan» atly watançylyk aýdymy ýaňlandy.

Gadymy Küştdepdi tansy baýramçylyk çäresiniň jemleýji pursatyna öwrüldi. Ol “Galkynyş” döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde garaşsyz Diýara, berkarar Watanyň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan joşgunly waspnama öwrüldi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenildi

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çykan gününden bäri 15 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyga Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.