Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 8 aýynyň jemleri jemlenildi
Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen sekiz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114,4 göterim ýerine ýetirildi.
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem polipropilen çykarmak boýunça gazanylan görkezijiler barada aýdyldy.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen serişdeleriň meýilnamasy 111,5 göterim berjaý edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, onuň önümçilik işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we desgalaryň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany nebit we gaz ýataklary boýunça geologiýa gözleg, gazuw işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny belläp, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselesine aýratyn ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenildi
«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çykan gününden bäri 15 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyga Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.