Habarlar

Ýaşlara nusgalyk ýörelge

https://ussatnews.com/storage/posts/6012/original-16504593b92ec8.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagynyň bagtyýarlyk döwrümiziň taryhy wakasyna öwrülendigi, ýaşlarda watansöýüjiligi hem-de halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrandygy barada bellediler.

Hoşallyk maslahatynyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli bilim, ylym ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi, bilimli, sagdyn ruhly, ýokary ahlakly ýaşlary kemala getirmek, olary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda alnyp barylýan beýik işler hem-de bu ugurda gazanylýan ösüş-özgerişlikler baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim, ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän okuw-terbiýeçilik maksatly binalar, türkmen ýaşlarynyň milli we halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň beýanydyr. Bular dogrusynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň okuw bölüminiň hünärmeni Mergen Amanowyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Atagarryýewiň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewanyň we beýlekileriň çykyşlarynda giňişleýin bellenilip, milli bilim, ylym ulgamyny halkara derejesine ýetiren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Başga habarlar
16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.

16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.