Çeper BABAÝEWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geofizika bölüminiň baş hünärmeni:
— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine gatnaşmagymy özüme bildirilen uly ynam we hormat hasaplaýaryn. Umumymilli forumyň geçirilmeginiň özi — türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň, onuň Garaşsyz ösüşiň ýolunda uly üstünlikleri gazanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda beýan eden ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň görkezijilerini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.
Geologiýa gözleg işlerini geçirmek ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu maksatlar üçin uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Degişli ugurda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde täze ýataklar işlenip taýýarlanylýar, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberleri artýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň esasy mazmuny adam hakynda alada bolup durýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşiniň, ynsanperwer gymmatlyklaryň, amala aşyrylýan parahatçylyk we ylalaşyk syýasatynyň iň gowy subutnamasydyr.
Şu günler Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary sylaga mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna aýdylýan köp sanly gutlaglara we arzuwlara biz hem goşulýarys.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.