Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň 32 giňden bellenilip geçildi
27-nji sentýabrda türkmen halky ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylady.
Ir bilen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu çärä Prezident Serdar Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.
Dabaraly harby ýörişiň barşynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetleriniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezildi
Ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň harby gämileriniň gözden geçirilişi baýramçylygyň tapawutly aýratynlygy boldy. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly göni ýaýlymda çärä gatnaşyjylar bir wagtyň özünde Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar..
Baýramçylyk dabarasynyň barşynda Serdar Berdimuhamedowa Arkaly atly at sowgat berildi.
«Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan taýýarlanylan täsin atly tomaşa görkezildi.
Soňra dabaraly ýöriş teatr artistleriniň çykyşy bilen dowam etdi.
Baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açdylar. Ak reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana uçuryldy. Milli nyşanlar bilen bezelen awtoulagyň üstündäki Döwlet tugrasynyň we baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň şekili hem-de Watanymyzyň binagärlik nyşany — paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr.
Aşgabatda badalga alan baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam etdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar köpöwüşginli feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy.
Baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.