Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýewropa ugry Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda belledi diýip TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, energetika Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr, onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary möhüm orun eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şunda ýurdumyz gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär we munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär.
«Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýaryn» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik, Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
«Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.