Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/6130/original-165213af1efcba.jpeg

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telefon arkaly Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirildi.

Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli pugtalandyrylýar, munuň özi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertidir.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän uly ünsi we goldawy üçin russiýaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, däp bolşy ýaly, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara dialogynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Başga habarlar
16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.