Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, döwletara syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Söwda-ykdysady ulgam ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Köp ýyllardan bäri Russiýa ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara haryt dolanyşygy oňyn depgini saklap gelýär.
Dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz we senagat ulgamlarynda, beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.
Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde sanly tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem geljekde-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem türkmen tarapynyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.