Prezident OGT-2023 halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Maslahatyň gün tertibine giň ugurlar — baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny, maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklary we elektroenergetika, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek ýaly möhüm meseleler giriziler.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynyň ýeten derejelerini görkezmekde bu halkara maslahat we sergi uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle forumlar bu pudakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary işjeň ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutany bu halkara çärede daşary ýurt kompaniýalary bilen pudagy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip belledi we bu çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.