Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşygyň dowamynda doganlyk döwletleriň Baştutanlary dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary energetika, ulag, maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar ugurlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berdiler.
Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar diýip, hormatly Serdar Berdimuhamedow gatnaşyklaryň ileri tutulýan bu ulgamyny, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtap, däp bolan esasy ugurlar bilen bir hatarda, maýa goýumlar, gaz we himiýa senagaty, obasenagat toplumy, daşky gurşawy goramak, täze tilsimatlar, syýahatçylyk, işewürlik gatnaşyklary babatda we beýleki möhüm pudaklarda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.
Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türkiýä amala aşyrylýan saparyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikler dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda örän netijeli häsiýete eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alşyldy. Dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy.
Duşuşyklaryň dowamynda sebit we halkara syýasatyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän meselelere, hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer häsiýetiniň ýokarlandyrylmagy ýaly mowzuklara üns berdik diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Gepleşiklerde iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigi bellenildi, şeýle hem bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikler, olary herekete geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini Ankarada kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygy bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär diýip, türk Lideri aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.