Habarlar

«Türkmengaz» 2023-nji ýylda Russiýa, şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 5 mlrd kub metr gaz iberer

https://ussatnews.com/storage/posts/6237/original-1653c0d5ee5039.jpeg

“Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, 5 mlrd kub metr türkmen gazynyň iberilmegine garaşylýar. Bu barada žurnalistlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen OGT – 2023 atly halkara konferensiýanyň we serginiň jemi boýunça metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Şertnama esasynda ýylda, takmynan, 5 mlrd kub metr üpjünçilik mukdary göz öňünde tutulýar. Türkmen tarapy şertnama boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň çäginde olary ýyldan ýyla doly ýerine ýetirýär. Şertnama doly möçberde amala aşyrylýar we şu ýyl hem türkmen tebigy gazynyň Russiýa Federasiýasyna eksportynyň göz öňünde tutulýan mukdary 5 mlrd kub metr” – diýip, Arçaýew aýtdy.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen tebigy gazyny Russiýa ibermek barada 2019-njy ýylda 5 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Başga habarlar
16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

16aec25f474747.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.


16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.