Türkmenistanyň Prezidenti SNGIZ-niň öndürijiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
Geçen şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynyň düzüm böleklerinde, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Prezident hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.