«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär
«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu meýilleri barada Nowosibirskiden «Sibir elektrotehniki zawody» ÝGPJ-niň umumy meseleler boýunça baş direktorynyň orunbasary Andreý Ýekimow 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2023) halkara forumynda belläp geçdi.
Soňky birnäçe ýylyň içinde bu zawod «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwlet düzümleri we hususy kompaniýalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär.
«Sibir elektrotehniki zawody» elektrik enjamlaryň abatlaýyş işlerine, senagat maşynlarynyň gurnamak işlerine, senagat we partlama garşy durnukly elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň we transformatorlaryň önümçiligine ýöriteleşendir. 2004-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän bu kärhana häzirki wagtda önümlerine dünýäniň birnäçe ýurtlaryna, şol sanda Wenesuela, Hindistana, Hytaýa eksport edýär.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.