Habarlar

Serdar Berdimuhamedowyň energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem-de düýbi tutulmagy mynasybetli dabaradaky ÇYKYŞY

https://ussatnews.com/storage/posts/6275/original-165464e70516e7.jpeg

(Balkan welaýaty, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry)

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Şu gün biz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutýarys. Şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisini hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasyny dabaraly açyp ulanmaga bereris.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde, sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi. Bularyň ählisi pudakda gazanylan uly üstünliklerdir.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz Türkmenistan gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol taslamalar durmuşa geçirilende, biz, ilkinji nobatda, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda amala aşyrýan iri senagat taslamalarymyz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine, ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi baradaky oňyn bahalaryna mynasyp bolýar.

Şu gün düýbi tutulýan, gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary bolar. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Bu ýerde ökde hünärli işgärleriň 150-den gowragy zähmet çeker. Hünärmenleriň işlemegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň ikinjisidir. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär. Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerinde şular ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy elektrik energetika pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine, berkarar Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Biz şu gün «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sebitde ýerleşýän kärhanalarynda işleýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň hem düýbüni tutýarys. Ýakyn wagtda bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi bina ediler. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Men türkmen gurluşykçylarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň bu taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Ine, bu gün biz türkmen energogurluşykçylarynyň ýadawsyz we yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylandygynyň şaýady bolýarys.

Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Balkan — Daşoguz we Mary — Ahal ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgam emele geler. Içerki sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň hili gowulanar. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertler dörär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika pudagy üçin taryhy ähmiýete eýedir. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda pudakda geçirilen özgertmeleriň netijesinde gutarnykly dolanyşyga eýe bolan döwrebap elektroenergetika pudagy kemala geldi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen energogurluşykçylarymyza, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza taslamany üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly adamlar!

Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iki sany gaz turbina desgasy işe girizilýär. Kuwwaty 70 megawat bolan bu täze desgalar toplumy elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Siziň ähliňizi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu möhüm desgalar we binalar mähriban halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etsin!

Başga habarlar
16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.


16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.

16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.


16a759bf1cc2f6.jpeg
Döwrebap işler bitirilýär

Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr.