Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar

https://ussatnews.com/storage/posts/6296/original-1654dd8463a0d7.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy.

Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletleriň Baştutanlary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem taraplar halkara we sebitara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugyrlarynyň biridir. Bu Gurama döredilen pursatyndan bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de YHG gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu düzümiň çäklerindäki bilelikdäki işiň dowamynda uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýän tejribe toplanyldy.

2021-nji ýyldan bäri Guramada başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýa laýyklykda, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi. Hususan-da, bu döwür üçin ýurdumyz syýasatda, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, YHG-niň işiniň many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny, ulag, energetika ulgamlarynda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, bu hyzmatdaşlygyň sanlylaşdyrylmagyny, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalaryň paýlaşylmagyny hem-de tejribe alşylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Sebit, yklym we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna täsir eden ählumumy pandemiýa ýagdaýynda munuň özi has-da uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-niň gününde Aşgabatda guralandygyny bellemek gerek. Onuň netijesinde jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

YHG-niň ýokary derejedäki duşuşyklary meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem YHG-niň giňişligindäki ykdysady sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm we ileri tutulýan ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär.

Başga habarlar
16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.


16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.

16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.