Türkmenistanda Hasyl baýramy giňden bellenilýär
Şu gün, 12 – nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl baýramy giňden bellenilýär. Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hasyl baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlag iberdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragynyň öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr.
Şeýle hem şu gün milli senenamanyň möhüm senesine – Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.