Habarlar

Balkan welaýatynyň daýhanlary ýurdumyzda ilkinji bolup pagta taýýarlamak baradaky borçnamany ýerine ýetirdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/6312/original-16551dde267cd6.jpeg

12 noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzyň başga sebitleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen pagta arassalaýjy zawod, pagta egriji we tikinçilik fabrigi guruldy.

Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň iş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini, asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleriniň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrýan bu şatlykly waka dabaraly toýa mynasyp zähmet sowgadydyr, türkmen daýhanlarynyň yhlasly çekýän zähmetiniň aýdyň netijesidir.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.