Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 16-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy edilip bellenilendigini habar berdi.
Bu toparyň işi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, türkmen tarapynyň wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň döwletleri bilen bir hatarda, türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary öňe ilerletmegiň esasy gurallarynyň biri bolan Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, saud tarapy şu ýylyň dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda Halkara ykdysady forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, türkmen tarapyny hormatly myhman hökmünde bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy we şol forumyň yzysüre hökümetara toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmegi teklip etdi. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin ýakyn wagtda saud wekiliýetiniň Türkmenistana sapar bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Saud ösüş gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bilen baglanyşykly meselelere-de deglip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.