Habarlar

«Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly ylmy monografiýa çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6340/original-1655ae566573c5.jpeg

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewanyň taýýarlan «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly ylmy monografiýasy Türkmenistanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çapdan çykdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli aýdym-saz medeniýetimiziň ösüşine uly üns berýär. Saz medeniýetimiz bilen bagly ylymlarynyň öňünde duran wajyp meseleleriň biri hem Türkmenistanda häzirki zaman kompozitorçylyk mekdebine degişli bolan dürli-dürli meseleleri ylmy taýdan öwrenmekdir. Bu babatda milli aýdym-saz sungatymyza uly goşant goşan türkmen kompozitorlaryň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şahyrany mirasy bilen bagly döredilen saz eserleri öwrenmek hem wajyp meseleleriň biridir. Şeýle ylmy işleriň biri hem Leýla Babaýewanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen, beýik şahyryň şahyrana mirasy bilen bagly ylmy monografiýasydyr.

«Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly çapdan çykan ylmy monografiýa girişden, alty bapdan, jemlemeden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawynda we goşundy bölüminden ybaratdyr.

Ylmy monografiýanyň giriş bölüminde Magtymguly Pyragynyň türkmen milli medeniýetinde tutýan ähmiýetli orny barada maglumatlary berilýär. Ylmy monografiýanyň baplarynda türkmen saz sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbine bagyşlanan meselelere seredilýär, olarda türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy bilen bagly saz eserleri derňelýär. Bu babatda Ýuliý Meýtusyň «Magtymguly» atly operasynda we türkmen simfonik sazynda Magtymguly Pyragynyň keşbiniň beýany, şonuň bilen baglylykda meşhur kompozitorlary Aşyr Kulyýewiň «Magtymguly» simfonik poemasyna hem Weli Muhadowyň «Magtymgulynyň ýadygärligine» atly Birinji simfoniýana ylmy nukdaý nazardan saz derňewi berilýär. Şeýle-de türkmen kompozitorlarynyň Magtymgulynyň goşgularyna döreden hor eserleri, kamera-wokal sazynda Magtymgulynyň şygyryýeti ýaly meselelere seredilýär, başga-da «Magtymguly» kinofilminiň sazy barada maglumatlary bar.

Monografiýanyň jemleme bölüminde işiň dowamynda alynan netijeleri jemlenilýär, ylmy işiň soňunda peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy we goşundy bölüminde Magtymguly Pyraga bagyşlanan saz eserleriň hem Magtymgulynyň Pyragynyň goşgularyna döredilen saz eserleriň sanawy berilýär.

Bu ylmy iş Türkmenistanyň saz medeniýetiniň taryhynda saz sungatyna degişli ilkinji ylmy iş bolup, Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazylan kompozitorlaryň saz eserlerini belli bir yzygiderlikde jemlenilip, ylmy babatynda derňewi ýerine ýetirilýär, olaryň many-mazmunyny we keşp baýlygy açyp berýär.

Umuman, Leýla Babaýewnyň Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy bilen bagly taýýarlan ylmy monografiýasy ýokary derejeli sazşynaslary we sazandalary taýýarlamakda, okuw işlerini kämilleşdirmekde, sazandalyk ylmynyň binýadyny pugtalandyrmakda uly orun tutar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dürli okuw jaýlary üçin we Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasyna gyzyklanma bildirýän giň okyjylar köpçüligine peýdaly bolar.

Leýla Babaýewa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlap, Pýotr Iliç Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda sazşynaslyk hünärinden bilim alýar. Okuwy tamamlandan soňra Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Şaja Batyrow adyndaky Taryh Institutynda «Saz sungaty» hünäri boýunça aspirantura bölüminde Özbegistanyň sungatda at gazanan işgärli, sungaty öwreniş ylmynyň doktory, professory Faýzulla Karomtowda okaýar. 1986-njy ýyldan bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy wezipesinde talyp ýaşlara bilim berýär we ylmy-barlag işlerini alyp barýar.

Leýla Babaýewa saz sungaty bilen bagly köp sanly ylmy we populýar makalalary çap edýär, awtordaşlykda «Gündogar ýurtlaryň sazynyň taryhy» we «Türkmen kompozitorlaryň döredijiligi» atly kitabyň awtory, şeýle-de häzirki döwürde «Dünýä saz medeniýeti» atly okuw kitabynyň üstünde işleri alyp barýar.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
169c762cd54c7f.jpeg
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy

Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.


169c554155d778.jpeg
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.


169c2d665f3a81.jpeg
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

169c161b92c194.jpeg
Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


169c15959053ff.jpeg
Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.