Türkmenistanyň Prezidenti «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini gutlady
Hormatly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri!
Sizi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ak şäherimiz Aşgabatdaky nobatdaky sport baýramçylygynyň — hokkeý boýunça halkara ýaryşyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlygyny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant bolandygyna berk ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, Olimpiýa hereketini ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçilik ulgamyny döretmek babatda uly işler amala aşyrylýar.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän sport meýdançalarynyň, stadionlaryň, atçylyk sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny ýokary derejelere göterjek milli türgenlerimiziň kemala gelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan öz daşary syýasat strategiýasynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär.
Hormatly adamlar!
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň biri bolan hokkeýe hem uly üns berilýär. Hokkeý boýunça dürli ýaryşlar, şol sanda milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy hereket edýär.
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dürli iri sport bäsleşikleri bilen birlikde, sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmäge hem ukyply döwletdigini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek äşgär etdi. Ýurdumyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bu iri halkara ýaryşyň Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine, sportuň hokkeý görnüşiniň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. Ýaryşda gazanylan üstünlikler bolsa Türkmenistanyň ösen milli sport ulgamynyň kemala gelendiginiň aýdyň netijesidir.
Hormatly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri!
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermek, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär.
Siz ata-babalarymyzyň ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny has-da belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly «Galkan» hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri!
Sizi hokkeý boýunça halkara ýaryşda gazanylan üstünlik bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.