Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kompaniýalary Zähmeti goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanan maslahat geçirdiler
“Dragon Oil” kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserniniň goldaw bermeginde ýurdumyzda 28-nji aprelde bellenilip geçilýän Zähmet goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli zähmet goramagy, howpsuzlyk tehnikasy we ekologiýa howpsuzlygy dolandyrmak boýunça maslahatyň guramaçysy bolup çykyş etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Foruma nebitgaz çykaryş, logistika, uglewodorodlary ibermek, şeýle hem hojalyk idegi we iýmit ulgamynda iş alyp barýan türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid al-Jarwan we “Türkmennebit” DK-nyň başlygy Guwanç Agajanow ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyna we zähmeti goramaklyga iň ýokary talaplary bildirýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, gaýtalanmajak ekoulgama eýe bolan Hazar deňzindäki taslamalar aýratyn ünsi talap edýär. Hazarda amala aşyrylýan ykdysady taslamalaryň ählisi iň ýokary halkara ekologiýa talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Maslahatyň mejlislerinde howpsuzlygyň esasy wehimlerini dolandyrmagyň umumy ýörelgeleri we nebitgaz ulgamynda işleriň dürli görnüşleri alnyp barlanda zyýanlary azaltmak, deňiz daşamalaryny guramakda öňdebaryjy usullar, adam faktoryny azaltmak boýunça dünýäniň nebitgaz senagatynda hereket edýän tertipler we düzgünler, zähmeti goramak boýunça ýokary pudaklaýyn talaplary goldamak boýunça işgärleriň habarlylygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.
«Dragon Oil», «Caspian Driller», «Odjfell», «ILK Construction, Sowda Gurlushyk Maslahat», «Injener Chozgutleri», «NCG Services Ltd.», «Schlumberger», «Baker Hughes», «Bue Marine», «Arassa Dеňiz» we beýleki kompaniýalaryň wekilleri nebitgaz ulgamynda howpsuzlygy dolandyrmak ulgamyny gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar.
“Dragon Oil” Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz känlerini özleşdirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri. Operasion işiň howpsuzlygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmeklik kompaniýanyň işiniň esasy ugry bolup durýar.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.