Habarlar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/7349/original-166324f5b1936c.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

«Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» ady bilen geçirilen çärä nebitgaz toplumynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem beýleki ulgamlaryň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat müdirliginiň bölüm başlygy, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdyllaýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Sylapow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň 1 derejeli hünärmeni Hajarbibi Handurdyýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işleýiş müdirliginiň baş hünärmeni Sona Kerimowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Zenanlar guramasynyň başlygy Güller Orazowa, Aşgabat şäherindäki 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa dagy öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladalary bilen maşgala mukaddeslikleriniň, jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň berk goralýandygy we netijeli wagyz-nesihat edilýändigi barada buýsanç bilen bellediler.

Başga habarlar
16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.

16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.