Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar ugratdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasyna şu gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun bilen baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüş ýolundaky nobatdaky ädimdir.
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilelikdäki taryhyň unudylmajak esasy sahypalarynyň biridir. Uruş ýyllarynda söweşlerde we tylda görkezilen beýik edermenlik, mertlik, deňsiz-taýsyz gahrymançylyk biziň halklarymyzyň hakydasynda ebedilik galdy. 9-njy maý – Ýeňiş güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklaryny birleşdirýän taryhy ähmiýetli senedir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş mynasybetli guralýan dabaralara yzygiderli gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şunuň bilen birlikde, munuň özi hakydamyzda ebedi galjak gahryman gahrymanlarymyzyň edermenligine hormat bilen garamagyň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halky Watanyň azatlygy ugrunda gazaply söweşlerde gazanylan Beýik Ýeňiş üçin mynasyp goşant goşdy. Türkmeniň mert ogullary beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, bir ädim yza tesmän söweşlerde gahrymanlarça söweşdiler, tylda jan aýaman zähmet çekdiler. Şol ýowuz ýyllarda watandaşlarymyzyň söweşde görkezen edermenligi biziň hemmämiz üçin Watana bolan söýginiň, hormatyň we borja wepalylygyň belent nusgasydyr.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.