«Ahal» topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda üçünji ýeňşini gazandy
«Ahal» toparynyň futbolçylary täze baş tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň myhmançylykdaky oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 2:0 hasabynda utup, bassyr üçünji ýeňşini gazandy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Iki pökgi hem oýnuň ikinji ýarymynda tora girizildi. Akmämmet Metdäýew 56-njy minutda hasaby açdy. Gurban Annaýew 88-nji minutda hasaby gutarnykly etdi.
Mundan öň Döwletmyrat Annaýewiň topary 83-nji minutda Akmämmet Metdäýewiň 11 metrlik jerime urgusyny dürs urmagy bilen myhmançylykda Marynyň «Energetigini» 1:0, soňra öz meýdançasynda «Merwi» uly hasap bilen — 5:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijilerden Salim Umarow (11-nji we 77-nji minutlarda), Akmämmet Metdäýew (21-nji), Begenç Mämiýew (90 + 4-nji) we Alibek Abdurahmanow (90 + 6-njy) tapawutlandylar. 78-nji minutda Guwanç Berdimyradowyň meýdançadan çykarylmagy netijesinde azlykda oýnap utulan topardan Ambýar Mahmudow (60-njy) abraý pökgüsini geçirdi.
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynda 43 ýaşly Döwletmyrat Annaýew Serdar Geldiýewiň ýerine geldi, indi ol ýolbaşçylaryň karary bilen «Ahal» FK-da administratiw işleri alyp barar.
Döwletmyrat Annaýew «Ahal» toparyna gelmezden öň 2019-njy ýylda «Köpetdag» bilen birinji ligada üstünlik gazandy, soňra Tofik Şükürowa bu toparda ýokary ligada kömek etdi, «Aşgabat» FK-nyň baş tälimçisi bolup işledi, şeýle hem Iordaniýada geçirilen Aziýa birinjiligine saýlama ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar toparyny (U17) alyp bardy.
«Ahalyň» täze tälimçisiniň öňünde pesinden birinji üçlüge girmek we has gowusy kümüş medal gazanmak wezipesi goýuldy, oňa Welsähet Öwezow, Kemal Gurbanow we derwezebanlaryň tälimçisi Sapar Öwezow dagy kömek edýärler.
«Şagadamdan» üstün çykandan soň, «Ahal» 24 utuk toplap, 12-nji tapgyrda Balkanabatda «Nebitçiden» 4:0 hasabynda üstün çykan we bir oýun az oýnan «Arkadagdan» 6 utuk yza galyp, ikinji orunda barýar. Türkmenistanyň häzirki çempiony bu oýunda dört pökgini hem 26 minutda tora saldy. Şunda Altymyrat Annadurdyýew (3-nji, 9-njy we 26-njy minutlarda), Şamammet Hydyrow (12-nji minutda) tapawutlandylar.
18 utuk toplan «Altyn asyr» we «Merw» toparlary üçünji-dördünji orny paýlaşýarlar. Iki oýun az oýnan «Altyn asyr» 12-nji tapgyra gatnaşmady. 37-nji minutda Söhbet Allanurowyň dürs uran 11 metrlik jerime urgusy bilen «Merw» öz meýdançasyna «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňdi.
Maryda «Energetik» bilen «Köpetdag» toparlarynyň arasynda geçen başga bir oýunda hasap açylmady - 0:0.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynda: «Aşgabat» - «Şagadam», «Köpetdag» - «Merw», «Ahal» - «Arkadag», «Nebitçi» - «Altyn asyr» toparlary duşuşarlar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.