Habarlar

Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň keşbini döredip öz okaýan mekdebine sowgat berdi

https://ussatnews.com/storage/posts/7638/original-1665395aae1fc1.jpeg

Hatyja Gurbanowa, "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly ýylymyzyň ajaýyp günlerinden ruhlanyp, ýagly reňklerde, Magtymguly Pyragynyň keşbini döredip "Watan jemalyndan joşa düşüp sen" atly bu işini, öz okaýan Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebine sowgat berdi .

- Yagly reňklerde işlemek gaty gyzykly, esasy zat hem akyldar şahyrymyzyň keşbini döredýän pursatlarym, aladaly bolsam-da, höwesimiň çagi bolmady. Bu işde tejribämiň azlygy hem işlemäge böwet bolmady. Mugallymym Zelili Amanjaýewiň goldawy we maslahatlary uly kömek boldy, Mugallym meni ruhy taýdan goldap, "Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar, her bir işe başlanyňda, başararyn diýip ýapyş" diymegi özüme bolan ynamymy artdyrdy.

Maňa Halypa Saragt Babaýewiň ussahanasynda birnäçe gezek myhmançylykda bolmak miýesser etdi. Her sapar baranymda başga bir dünýä düşen ýaly bolýaryn, üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärin, sungata aşyk bolýaryn, zähmet çekesim gelýär, taze-taze tehnikalary öwrenesim gelýär, geljekde özümem bu owadan dünýäni has hem gözelleşdiresim gelýär. Mekdebime sowgat etmek pikiriniň döremegine Halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň ogly we şagirdi Bally Babaýew sebäp boldy. Ol öz eli bilen döreden heýkelini, öz okaýan mekdebine sowgat beripdi, şol gün meniň ýüregimde hem, bilim alýan mekdebimize, parahat ýurdumyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjym iki esse artdy. Ballynyň başlangyjy deň-duşlarymyza gowy görelde boldy, men hem öz gezegimde elimden geljek ýagşy işlrri edesim geldi, - diýip Hatyja gürrüň berýär.

Başga habarlar
16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.


16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.

16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.