«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
28-nji maýda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä nebitgaz pudagynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çäräni açmak bilen, ýygnananlary şahyryň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady. «Magtymguly» kitaby Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy.
Wise-premýer kitabyň ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tanyşdyrylandygyny we onuň ilkinji sanynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenstanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilendigini ýatlatdy.
Şunuň bilen baglylykda, Batyr Amanow döwlet Baştutanynyň sözlerine salgylanyp, «Akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgular ýygyndysynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny» belledi.
Soňra Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe, magtymgulyşynas alymlara, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň wekiline we nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärlerine söz berildi.
Bellenilişi ýaly, bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyrda türkmen halkynyň durmuşy, taryhy, şol döwrüň syýasy wakalary, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.
Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň täze neşiriniň sahypalarynda orun alan şygyrlarynda-da aýdyň görmek bolýar.
Çykyş edenler türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen täze neşiriň şahyryň mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler. Bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy.
Ýokarda aýdylanlar tanyşdyrylyş dabarasynda bolan çykyşlaryň esasyny düzdi we başga-da eseriň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda berýän goldawy üçin hoşallyk bildirildi.
Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi, milli medeniýetimizi wasp edýän aýdym-sazlary belent heňde ýerine ýetirdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy
18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.