Nebitgaz toplumynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň merkezi edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek, pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki binýadynyň berkidilmegi Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün eder.
Şunuň bilen baglylykda, dolandyryş ulgamy, sanly görnüşdäki guýularyň we känleriň, sanly düýpli gurluşyklaryň taslamalary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda döwrebap IT-tehnologiýalaryň ulanylmagy nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmedine ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.