Dokma önümleri daşary döwletlerde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almagy meýilleşdirilýär.
Häzirki döwürde dokma senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginde ösdürilmegi netijesinde, diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy bilen baglylykda, dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär, şol önümler daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3650 tonna nah ýüplüge barabar bolan dokma toplumy hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma kärhanalaryň açylmagy bilen täze iş orunlarynyň 2450-si dörediler.
Şunuň bilen baglylykda, eksport ugurly önümleriň, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, haryt bolçulygyny döretmek hem-de içerki bazary zerur bolan dokma önümlerinden üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.
Ussat news
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.