Habarlar

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam merkeziniň işi bilen tanyşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/796/original-1603666d899c4e.jpeg

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sanly aragatnaşyk pudagynyň öňünde milli Liderimiziň goýan wezipelerini doly ýerine ýetirmek ugrunda maksada laýyk işler amala aşyrylýar. Munuň özi şol bir wagtda ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge hem gönükdirilendir.

Soňra sanly ulgam merkeziniň hünärmeni kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylýan anyk çäreler barada gürrüň berip, alnyp barylýan käbir işler bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde ýola goýlan işleriň ählisi sanly tehnologiýalar peýdalanylanda maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanun hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda ençeme web-saýtlar döredildi we bellige alyndy.

Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, onuň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar.

Amala aşyrylýan bu işleriň ählisinde maglumat binýadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini hem-de bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda döredilen Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işini döwrüň talabyna laýyk yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi ýurdumyzda kiberhowpsuzlyk boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Bu ugurda kabul edilen Türkmenistanyň “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Kanunynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu resminama ýurduň özbaşdaklygyny, bähbitlerini goramaga, internet ulgamynda howpsuzlygyň wehiminiň öňüni almaga, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen işlenilip taýýarlanylan bu Kanunyň wajypdygyny ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlylaşdyrmak işleri kesgitleýär. Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Akylly ulgamlar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar, bu bolsa önümçiligiň guralyşyny hem-de dolandyrylyşyny düýbünden üýtgedýär.

Türkmenistanlylar üçin aragatnaşygyň barha täze hyzmatlarynyň hödürlenilmegine aýratyn üns berilýär, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň sanynyň köpelmegi hem-de hünär taýdan başarnyklarynyň artmagy boýunça işler alnyp barylýar.

Sanly ulgam merkezinde işleriň döwrebap derejede ýola goýulmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä tejribesini nazara almak arkaly mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksada laýyk amala aşyrylmagynda örän möhümdir. Şoňa görä-de, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işlere ilkinji derejede ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, onuň esasy ýerine ýetirmeli wezipeleriniň üstünde durup geçdi.

Şol wezipeler ýurdumyzda kiberhowpsuzlyk syýasatyny durmuşa geçirmekden, merkezleşdirilen tertipde gözegçiligi amala aşyrmakdan, kiberhowpsuzlyk boýunça toparlaryň işini utgaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.