«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önüm berdi
Ýakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 236-njy belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 563 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4 müň 509–4 müň 363 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi — 126 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär.
Bu işler milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde hem «Galkynyş» gaz käniniň geologiki we tehniki häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, «Kameron» kompaniýasynyň çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy. Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz känindäki guýularyň görkezijileri bir tarapdan öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriniň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri halkara maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar. Häzirki wagtda konserniň gazçylary bir wagtyň özünde «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 253-nji, 260-njy, 265-nji, 283-nji belgili ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini meýilnama laýyklykda üstünlikli alyp barýarlar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.