Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarda eden çykyşy

https://ussatnews.com/storage/posts/8522/original-166e14722e0911.jpeg

Eziz watandaşlar!

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Şolaryň arasynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny hem-de «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar.

Ertir hem siziň bilen bilelikde Türkmenistanyň öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň şaýady bolarys.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalarymyz bar.

Hanymlar we jenaplar!

Gadyrly dostlar we myhmanlar!

Biz sizi ykdysadyýetimiziň nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrýarys.

Eziz watandaşlar!

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu halkara forumyň, maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry)

Başga habarlar
16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.

16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.