Habarlar

Ýurdumyzda sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylar

https://ussatnews.com/storage/posts/883/original-1604e3f1047dc4.jpeg

Ýurdumyzda sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen Milli Liderimiziň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlary esasynda, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Beýik bina” hususy kärhanasynyň, “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň arasynda, degişli şertnamalar baglaşyldy.

Häzir ýokary hilli sement kärhanalarynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede taslamalaşdyrylyşyna, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna dahylly meseleler içgin öwrenilýär.

Başga habarlar
16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.