Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary GDA-nyň wirtual sergisine gatnaşýar
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň kärhanalary «GDA—30 ýyl» ykdysady forumynyň çäklerinde 11-12-nji martda geçirilen GDA-nyň EKSPO onlaýn-sergisine gatnaşdylar. Bu forum gurama agza döwletleriň işewür wekillerini jemledi. Bu bolsa önümleri Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürmäge we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edti.
Türkmen tarapyndan sergä Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Döwlet haryt-çig mal biržasy. Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlary we beýlekiler gatnaşdylar.
Prezentasiýalar bilen bir hatarda onlaýn meýdançasynda wirtual gepleşikler, Arkalaşygyň döwletleriniň öndürijileri bilen telekeçileriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler geçirildi.
GDA-EKSPO sergisi Arkalaşygyň döwletlerinden ygtybarly hem geljegi uly wekillerini birleşdirdi.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.