Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar işe giriziler
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy geçiriler. Bu desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.
Şol gün sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda döwrebap ýyladyşhanalary işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolup, olaryň kuwwaty ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.
Ýurdumyzyň her bir sebitinde iri ýyladyşhana toplumlary yzygiderli ulanmaga berilýär. Şolarda öňdebaryjy tejribe esasynda innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, azyk önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy guruldy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmaga, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berýär.
Ussat news
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.