Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/9159/original-1675a7ad43e8f6.jpeg

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu biziň halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplanan taryhy tejribesini, ynsanperwer taglymatlaryny, medeniýetini özünde jemleýän bitaraplyk ýörelgämize, dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyza berlen ýokary bahadyr. Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dünýä döwletleri we halklary bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi uly joşgun, ýatdan çykmajak dabaralar bilen giňden belläp geçýäris. Bu baýrama gabatlap döwrebap önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary ulanmaga berýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän köpöwüşginli dabaraly çäreleri geçirýäris.

Biz geljek, 2025-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hem-de dünýäniň halklary üçin örän ähmiýetli senäni — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 30 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçeris. Bularyň ählisi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär, Ýer ýüzünde parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk däplerini giňden dabaralandyrýar.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletimiz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda bitaraplyk, deňhukuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän kadalara eýerip gelýär. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän hakykatdyr.

Biz berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da pugtalandyrýar.

Güneşli Diýarymyzda halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça ýokary derejeli forumlaryň we duşuşyklaryň geçirilmegi döwletimiziň parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýar, dürli ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi bolsa ählumumy abadançylygy berkitmäge gönükdirilen wajyp ädim bolup durýar.

Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen birlikde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýäris. Eziz Diýarymyzda täze obalary, şäherleri, şäherçeleri we döwrebap senagat toplumlaryny gurýarys. Ähli ugurlarda alyp barýan tutumly işlerimiz beýik maksada — ata Watanymyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16acb822114ba8.jpeg
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy

«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.


16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.