Habarlar

Ýurdumyzyň ussat pagtaçylary gowaça ekişine başlarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/918/original-16058dd809423d.jpeg

Ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 31-nji martda gowaça ekişine başlarlar.

Şu günler welaýatlarda pagtaçy kärendeçileriň ekişe girişmek, şol sanda gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirýärler. Ekiş geçiriljek meýdanlarda meýilleşdirilen işler alnyp barylýar.

Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinden satyn alnan ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak hem-de ekiş möwsüminde gowaça ekiji tehnikalaryňdyr gurallaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda ýörite toparlar döredildi. Şol toparlar degişli serişdeler bilen üpjün edildi.

Ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlary hem geçiriler.

Ussat news

Başga habarlar
16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.