Daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlaryň abraýly habar beriş we teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlyk berkeýer.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, dünýäniň iri habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly, Diýarymyzyň halkara maglumat giňişligine goşulyşmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýulmagy Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde beýleki döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden beýan ediýer.
Häzir daşary ýurt teleradiokompaniýalary bilen bilelikde, olaryň ýaýlymlarynda görkezmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini açyp görkezýän uly göwrümli gepleşikler taýýarlanylýar.
Ussat news
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.