Habarlar

Er-Riýad şäherinde türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/922/original-16059baba1fab0.jpeg

Şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklary we beýleki resminamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, gurluşyk we senagat ulgamlarynda, dag magdany, azyk we derman senagaty pudaklarynda, hususy işewürlik ugrunda, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ylymdyr bilim, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryňdyr düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Ussat news

Başga habarlar
16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.