«Dagajyk» ýatagyndan nebitiň senagat akymy alyndy
Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň başynda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawçylary iri Çeleken ýatagynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşen «Dagajyk» ýatagyndaky № 654 belgili täze guýudan «gara altynyň» senagat akymyny aldylar. Bu müdirlik döwlet konserniniň düzüminde öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýar.
Täze guýynyň taslama çuňlugy 1200 metre deň bolup, häzirki wagtda ol «Galkynyş» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleriniň ygtyýaryna ulanyşa berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitçileriň hem-de gazçylaryň öňünde ony durmuşy geçirmek bilen bagly birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.
Müdirligiň nebitçileri Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30-ýyllygyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýärler. Olaryň zähmeti netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem ösmegi üçin zerur bolan senagat ähmiýetli nebit akymynyň ýüzlerçe tonnasyny çykararlar, diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Ussat news
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.