Türkmenistan ýanwar-fewral aýlarynda Russiýanyň çäginden 320 müň tonnadan gowrak nebiti üstaşyr geçirdi
Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 320 müň 460 tonna nebiti üstaşyr geçirdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Interfaks agentligi habar berdi.
Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soň ikinji orunda durýar. Gazagystanyň nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,14 million tonna (fewral aýynda 1,1 million tonna) barabar boldy.
Ussat news
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi
Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.