Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamynda tanyşdyryldy
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çykyş edip, hemmeleri hormatly Prezidentimiziň beýik akyldarymyza bagyşlanan täze eseriniň elimize gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» DK-nyň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri Bägül Annabaýewa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» DK-nyň Umumy bolüminiň baş hünärmeni Muhammetmyrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýjahan Myradowa dagy çykyş etdi.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, täze kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden täze kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Eser ýokary çaphana usulynda neşir edilip, türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň işleri ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen bezelipdir.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eserinde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn nygtalyp geçildi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Magtymgulynyň şygyrlaryna aýratyn sarpa goýýandygyny, onuň goşgularyny okap, öwrenip, ýat tutup, şahyryň goşgularyna düşünmäge çalyşýandygyny, öwüt-ündewleri, köptaraplaýyn tematikasy bolan medeni mirasy bilen ýaşaýandygyny belleýär. Çykyş edenler täze kitabyň beýik söz ussadyna düşünmekde gymmatly çeşmedigini bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň üstünliklerini, rowaçly menzillerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň dünýäde dabaralanyşyny wasp edýän aýdymlary belent heňde ýaňlandy.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.