Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine iş sapary bolar
30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş sapary bolar. Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirildi. Olaryň dowamynda möhüm ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garalar.
2-nji aprelde Moskwada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek bellenildi.
Şeýle hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, Hökümetleriň degişli agzalarynyň, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri firmalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşyklaryny guramak teklip ediler.
Mundan başga-da atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň döwlet sirkiniň we Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary we taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýr. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini beýan edýär. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet we sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.