Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi
31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine milli Liderimiziň adyndan hoşallyk sözlerini ýetirdi we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mälim bolşy ýaly, saýlawlar saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, göni däl saýlaw hukugynyň esasynda geçiridi.
Degişli şahsyýetnamalar gowşurylan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalary ýakyn geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine öz mynsyp goşantlaryny goşarlar.
Mejlisde saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň milli synçylar boýunça wekilleriniň habarlary diňlenildi.
Şeýle hem raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň barşyna syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habar berildi.
Mejlise gatnaşyjylar Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.