«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamak boýunça BäsleşIk yglan edildi
Türkmenistanyň medeniýet ministrligi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamak boýunça BäsleşIk yglan edýär.
BäsleşIgiň maksady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» iň oňat nyşanyny taýýarlamakdan, ýurdumyzda dürli baýramçylyk we medeni- köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan, ýaşlaryň kalbynda ata Watanymyza bolan söýgini ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige ýurdumyzyň suratkeşleri, dizaýnerleri, suratkeş mugallymlary we talyplary, okuwçy ýaşlary, şeýle hem höwesjeň adamlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän işler çeperçilik sungatynyň şu ugurlary boýunça ýerine ýetirilmelidir:
— grafika-plakat işleri görnüşinde;
— kompýuter grafikasy usulynda.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz döreden işlerini «PSD» we «JPEG» görnüşde CD, DVD disklerde we beýleki elektron göterijilerde hödürläp bilerler. Olar bäsleşige hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary goşmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi).
Bäsleşige gatnaşyjylar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar 2020-nji ýylyň10-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hasaba alynýar.
Bäsleşikde tapawutlanan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlener.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Alyşir Nowaýy köçesiniň 90-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-25-08,92-31-19.
Ussat news
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi
29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi.
Zähmeti goramaklyga möhüm ähmiýet berilýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini kämilleşdirmek bilen bagly «tegelek stolda» söhbetdeşlik geçirildi.