Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Forumyň geçiriljek ýeri hökmünde Kuala-Lumpur şäheriniň işjeň hem häzirki zaman merkezi bolan Kuala-Lumpur Kongres Merkezi (KLCC) saýlandy.
Şeýle-de, häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen şahsy duşuşyklara arzalaryň kabul edilişi hem tamamlandy.
Arza beriş döwründe halkara işewürlik jemgyýetinden uly gyzyklanma bildirilip, Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen göni hyzmatdaşlyk etmäge uly islegiň bardygy ýüze çykaryldy. Arzalar dürli ugurlarda işleýän kompaniýalardan gelip gowuşdy. Olaryň ählisi Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýyny öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we täze iş gatnaşyklaryny ýola goýmaga ymtylýar.
Forumyň deslapky tapgyrynyň netijesinde, guramaçylar döwlet wekilleriniň we maýa goýujylaryň isleglerine laýyklykda duşuşyklaryň tertibini düzdüler. TEIF 2025-iň Guramaçylyk topary arza beren ähli taraplara minnetdarlyk bildirýär we meýilleşdirilen duşuşyklarda netijeli hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine çalyşýar.
Şahsy gatnaşmaga mümkinçiligi bolmadyklar üçin bolsa, forumyň dowamynda Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen umumy mejlislerde, panel duşuşyklarynda we gepleşik görnüşindäki çärelere gatnaşmak arkaly beýleki mümkinçilikler hödürlener.
"Türkmengaz", "Türkmennebit" döwlet konsernleri, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan, "Türkmen Energiýa Forumy" bilen bilelikde gurnalan bu halkara forum, energetika, gurluşyk, ulag we ýurdumyzyň beýleki strategik pudaklaryna maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly halkara meýdança bolup durýar.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýangyç-energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
23-nji noýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy
18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.