Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyja söz berýäris
Çary ÇARYÝEW,
«Türkmengaz» DK-nyň Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak meniň üçin uly hormat we jogapkärçilik boldy, onda berkarar Watanymyzy geljekde hem ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna uly üns berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze, döwrebap desganyň — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň işe girizilmeginiň ähmiýetini belledi. Täze desga ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär.
Işimize berlen ýokary baha nebitgaz pudagynyň işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmek üçin ähli bilimlerimi we tejribämi ulanjakdygyma ynandyrýaryn.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.