«Türkmengaz» DK-nyň Taslama işleri müdirliginiň inžener gözleg, barlag bölüminiň başlygy Akmyrat GURBANGULYÝEW:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly senesine ýurdumyzyň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatynyň işgärleri hem zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler bizi has-da buýsandyrýar. Umumymilli forumyň çözgütleri bilen bagly nebitgaz toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda maňa ýokary döwlet sylagy — «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Şol gün ömrümiň bagtly günleriniň biri hökmünde hakydamda hemişelik orun tutar. Hormatly Prezidentimize zähmetime beren ýokary bahasy üçin çäksiz hoşallyk bildirýärin.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Men hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän bu möhüm gaz geçirijiniň gurluşygynda işleýändigime buýsanýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy bilen nebitgaz toplumy batly depginlerde ösdürilýär. Toplumyň işleriniň ilerlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Nebitgaz senagatynyň işgärleri ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.
Biz — ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny batly depginler bilen ösdürmek hem-de halkara energetika giňişligine goşmak baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga öz goşandymyzy goşmakda ýadawsyz zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.