Habarlar

Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане

https://ussatnews.com/storage/posts/11300/original-168e118843df1a.jpeg

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW:

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen nebitgaz senagatynda uly ösüşler gazanylýar. Bu babatda alnyp barylýan işlere «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň hem saldamly goşant goşýandygyny bellemelidir. Konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň işgärleri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän amatly şertlerinden netijeli peýdalanyp, «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmakda, nebitiň gözleg, barlag, taslama işlerinde dynuwsyz zähmet çekmek bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.

Ýakynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütleri hem alyp barýan işlerimiziň depginini öňküden-de güýçlendirmäge borçlandyrýar. Ýurdumyzda zähmet adamsyna uly hormat goýulýar, her bir işgäriň, hünärmeniň işine mynasyp baha berilýär. Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ençemesi bilen birlikde, men hem döwlet sylagyna mynasyp boldum. «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýip at berlendigine begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Çeken zähmetime ýokary baha beren hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Bu biziň ylmy edaramyza berlen ýokary baha diýip düşünýärin.

Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna içgin üns berilýär. Biz halypa ylmy işgär hökmünde ähli başarnygymyzy ýaş şägirtlerimize öwretmäge, olaryň kämil işgärler bolup ýetişmegine uly üns berýäris. Geljekde hem nebit işlerinde alyp barýan ylmy taslamalarymyzyň netijeliligini ýokarlandyryp, önümçilige ornaşdyrarys.

Başga habarlar
16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.


16ad83dcf56130.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16ad770e9c733c.jpeg
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.


16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.