Habarlar

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunçä bäsleşik geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/11643/original-169234b359747b.jpeg

21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy.

Iki gün dowam eden bäsleşikde ýaş inženerler “robot-sumo” (robot göreşi), “robot-ulaglaryň ýaryşy”, “labirint”, “çyzygy yzarlamak” we “çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek”, “robot-gämileriň ýaryşy” hem-de “ýumuş roboty” ýaly ýedi ugur boýunça bäsleşdiler.

Hususan-da, ýaryşyň “ýumuş roboty” atly ugry aýratyn çekeleşikli boldy. Onda robotlar dürli päsgelçiliklerden geçip, bellenilen jisimi başlangyç nokada alyp gelmek boýunça ýaryşdyryldy.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda,

“Robot-sumo” boýunça birinji orna paýtagtymyzdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň Robot tehnikasy gurnagynyň diňleýjisi Akgaýew Alihan;

“Robot-ulaglaryň ýaryşy” boýunça birinji orna Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Kanalow Resul;

“Labirint” boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Bäşimow Dawut;

“Çyzygy yzarlamak” boýunça birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Annamyradow Mälik;

“Çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek” boýunça birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mämmettuwakow Adylşa;

“Robot-gämileriň ýaryşy” boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 96-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kakaýew Myrat;

“Ýumuş roboty” boýunça birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjileri Öwezow Pirguly, Kulow Nurahmet, Hojageldiýew Röwşen dagysyndan ybarat topar mynasyp bolmagy başardy.

Uniwersitetiň mejlisler zalynda ýaşyryň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan höweslendiriji sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şunda “ýumuş roboty” boýunça birinji orna mynasyp bolan ýaşlara “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan 4 reňkde we “3D” ölçeginde çap edýän printeriň sowgat berlendigini aýratyn bellemek ýakymly.

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.