Aşgabatda Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edara binasy açyldy
24-nji noýabrda Aşgabatda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edarasynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.
«ADNOC» Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri halkara nebit kompaniýasydyr. Türkmenistan bütindünýä energiýa elýeterliligini üpjün etmek we durnukly ösüşi ilerletmek boýunça wezipäni amala aşyrýan jogapkär ählumumy ýolbaşçy hökmünde «ADNOC» bilen energetika hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Kompaniýanyň edarasy «Arkaç» işewürlik merkezinde ýerleşdi. Dabaraly çärä «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçysy G.Agajanow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhameli, birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Nebitgaz ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde biziň ýurdumyz ynam we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika pudagyny ösdürmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çemeleşmeleri we dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagy wajyp hasaplaýar.
2025-nji ýyl «ADNOC» kompaniýasy Türkmenistandaky işini pugtalandyrdy: kompaniýa «Petronas» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen bilelikde Hazar deňzindäki «Blok 1»-ni özleşdirmek boýunça strategiki Ylalaşygy baglaşdy.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhameliniň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, Aşgabatdaky edarasy diňe bir giňelýän hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, durnukly geljege we hyzmatdaşlyga bolan umumy garaýşyň hem nyşanydyr.
Şunuň bilen baglylykda, diplomat BAE bilen köptaraply hyzmatdaşlyga berýän hemişelik goldawy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de parahatçylyk, ösüş we mundan beýläkki rowaçlyk arzuw etdi.
Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýuna bäsleşik geçirildi
21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullady
21-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi
15-nji noýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
5-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.